Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda ylalaşyk boldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i20820-ikitaraplaýyn_gatnaşyklary_giňeltmek_üçin_gazagystan_bilen_türkmenistanyň_arasynda_ylalaşyk_boldy
Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda ykdysady gatnaşyklary giňeltmek barada ylalaşdylar.
(last modified 2023-03-06T02:54:10+00:00 )
Mar 06, 2023 07:54 Asia/Ashgabat
  • Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda ylalaşyk boldy

Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda ykdysady gatnaşyklary giňeltmek barada ylalaşdylar.

"Fars" habar gullugynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri "Raşid Meredow" we "Muhtar Teloberdi" Astana şäherinde duşuşyp dostlukly we konstruktiw ýagdaýda ikitaraplaýyn gatnaşyklary, söwda we transport ugurlaryny, logistika we energiýa dogrusyndaky hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar we halkara arenasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.