Mar 12, 2023 20:15 Asia/Ashgabat

Türkmenistanyň prezidenti hat iberip, Şi Szinpini Hytaý Halk Respublikasynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan Respublikasynyň Prezidenti "Serdar Berdimuhamedow" öz hatynda: Şi Szinpiniň paýhasly ýolbaşçylygyndaky Hytaý soňky ýyllarda çalt depginde ösýär, halkyň durmuş derejesi yzygiderli ösýär we artýar we bu ýurt halkara gatnaşyklarynda konstruktiw pozisiýany eýeledi diýip beýan etdi.

Türkmenistan Respublikasynyň Prezidenti şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardan kanagatlanýandygyny aýtmak bilen häzirki wagtda Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyga eýedir we şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň Hytaýa resmi sapary wagtynda täze itergi berildi diýip sözlerine goşdy.

Şi Szinpin 10-njy martda üçünji gezek Hytaý Halk Respublikasynyň prezidenti wezipesine saýlandy.

Tags