Türkmenistanyň DIM-nde Britaniýanyň Birleşen gulluklarynyň patyşa institutynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i20952-türkmenistanyň_dim_nde_britaniýanyň_birleşen_gulluklarynyň_patyşa_institutynyň_wekilleri_bilen_duşuşyk_geçirildi
2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň Beýik Britaniýanyň Birleşen gulluklarynyň patyşa institutynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.
(last modified 2023-03-15T01:45:45+00:00 )
Mar 15, 2023 06:45 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň DIM-nde Britaniýanyň Birleşen gulluklarynyň patyşa institutynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň Beýik Britaniýanyň Birleşen gulluklarynyň patyşa institutynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygynyň, häzirki zaman wehimlere we howplara garşy göreşmek meseleleri, şol sanda, owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem sebitiň söwda-ykdysady giňişligindäki gatnaşyklary bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.