Mar 26, 2023 16:22 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda Mejlisiň saýlawlary öz işine başlady

Şu gün irden sagat 07:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek üçin döredilen saýlaw uçastoklarynyň ählisi saýlaw hukukly raýatlar üçin gapylaryny açdy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw uçastoklary degişli etrap, şäher saýlaw topary tarapyndan yzygiderli tertip boýunça belgilenip, saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmagy üçin amatly bolar ýaly tertipde döredilýär. Umuman, şu gezekki saýlawlar üçin tutuş Türkmenistan boýunça döredilen saýlaw uçastoklarynyň jemi 2644-sinde, şol sanda Aşgabat şäherinde 312-sinde, Ahal welaýatynda 365-sinde, Balkan welaýatynda 272-sinde, Daşoguz welaýatynda 536-synda, Lebap welaýatynda 567-sinde, Mary welaýatynda 550-sinde ses bermäge mümkinçilik bar.

Şeýle-de daşary ýurtlarda bolýan Türkmenistan raýatlaryň saýlawlara gatnaşmak hukugyny üpjün etmek maksady bilen, Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyňdyr konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi.

Saýlaw uçastoklarynda ses bermek 19:00-da tamamlanar.