Apr 18, 2023 08:48 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Özbegistanyň prezidentleri hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary pugtalandyrmak barada maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegine syn berdiler.

2022-nji ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdasynyň hümmeti 926 million bilen 300 müň dollar derejesinde bolup, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,7% ösdi.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan Respublikasynyň prezidenti "Serdar Berdimuhamedow" we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti "Şawkat Mirziýew" bu telefon söhbetdeşliginde strategiki hyzmatdaşlygyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we iň ýokary derejede gazanylan şertnamalara esaslanyp iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk amaly giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, taraplar hökümetara komissiýanyň ýaňy-ýakynda geçirilen ýygnagynyň, Daşary işler ministrlikleriniň, Transport, medeniýet ministrlikleriniň we beýleki çäreleriň arasynda geçirilen netijelere oňyn baha berdiler.

Iki ýurduň prezidentleri söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, "Şawat-Daşoguz" serhet söwda zolagynyň döredilmegine, ileri tutulýan ykdysady pudaklarda hyzmatdaşlyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine we işjeň medeni alyş-çalyşlaryň dowam etdirilmegine ünsi çekdiler.

Tags