Aşgabatda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
(last modified Sat, 06 May 2023 03:42:21 GMT )
May 06, 2023 08:42 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2023-nji ýylyň 4-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň we Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihiniň ýolbaşçylyk etmeklerinde iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça amala aşyrylýan köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň nygtamagyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 19-20-nji martynda Katar Döwletine amala aşyran döwlet saparynyň oňyn netijeleri, şol sanda, saparyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň resmi taýdan açylmagy türkmen-katar gatnaşyklarynyň ýokary derejesini aňladýar.

Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, iki döwletiň abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde bilelikde alyp barýan işi ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklarynyň ösmegi üçin hem ägirt uly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň çäklerinde amala aşyrýan hyzmatdaşlygy özüniň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy “Bitaraplygyň dostlary topary” atly Türkmenistanyň başlangyjyny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda şertnama-hukuk binýady mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar iň ýokary we ýokary derejelerdäki duşuşyklarda gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilmegine, şeýle hem baglaşylan ikitaraplaýyn resminamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berdiler.

Diplomatlar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, bu ugurda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň işiniň ähmiýeti barada aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Kataryň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag we syýahatçylyk pudaklarynda, kiber howpsuzlyk we sanlylaşdyrma ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmeklik ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda nygtaldy.

Taraplar, şeýle hem Katarda guraljak EXPO-2023 ýaly halkara derejesindäki sergilere we maslahatlara Türkmenistanyň gatnaşmak meselesi barada pikir alyşdylar.

Taraplar şu ýylyň 1-2-nji maýynda Katarda geçirilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem gatnaşan Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Owganystan meselesini parahatçylykly ýol bilen çözmek baradaky başlangyçlary barada bellendi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar owgan halkyna ynsanperwer kömeginiň mümkinçiliklerini giňeltmek barada ylalaşdylar.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegi türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda, taraplar ylym-bilim, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşdylar. Mundan başga-da, taraplar sport pudagynda, şol sanda bedenterbiýe we atçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini aýtdylar.