Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminama gol çekildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i21870-türkmenistan_bilen_rumyniýanyň_arasynda_bilim_ulgamynda_hyzmatdaşlyk_etmek_boýunça_resminama_gol_çekildi
2023-nji ýylyň 26-njy maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň bilim ministrliginiň arasynda bilim babatynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
(last modified 2023-05-27T00:21:29+00:00 )
May 27, 2023 05:21 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminama gol çekildi

2023-nji ýylyň 26-njy maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň bilim ministrliginiň arasynda bilim babatynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa, rumyn tarapyndan bolsa, Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawal gol çekdiler.