Bakuwda Türkmenistan we Azerbaýjan respublikasynyň konsullyk geňeşleri geçirildi
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky konsullyk geňeşmeleriniň täze tapgyry Baku tarapyndan geçirildi.
"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan we Azerbaýjan respublikasynyň raýatlarynyň bu iki ýurtdaky kanuny ýagdaýy iki ýurduň arasyndaky konsullyk geňeşiniň täze tapgyrynda gozgalan meseleleriň biri boldy.
Konsullyk gullugynyň işgärleri derejesinde geçirilen bu ýygnaga gatnaşyjylar Azerbaýjan Respublikasyndaky türkmen talyplarynyň bilim ýagdaýy barada-da pikir alyşdylar.
Iki ýurduň immigrasiýa bölümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we tejribe alyşmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy we bu konsullyk maslahatlarynyň ahyrynda taraplar özara düşünişmek hatyna gol çekdiler.