Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Wengriýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
(last modified Sat, 10 Jun 2023 03:28:20 GMT )
Jun 10, 2023 08:28 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Wengriýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Ýokary derejedäki gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek möhümdir, çünki olar dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi berýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ynanyşmak, netijelilik ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we dostlukly ýurduň Hökümetiniň Baştutany özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi giňeltmek üçin türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň pikirine görä, syýasy-diplomatik ulgamda halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, adamzadyň abadançylygynyň bähbidine Türkmenistanyň we Wengriýanyň başlangyçlaryny ilerletmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň özara gatnaşyklaryny dowam etdirmek zerurdyr.

 Gurbanguly Berdimuhamedow indi otuz ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruň durmuşa geçirýändigine ünsi çekdi.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ikinji möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Söwda, energetika, senagat kooperasiýasy, logistika, oba hojalygy we hususy ulgam geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy islendik ykdysadyýetiň binýadyny düzýän energetika barada aýdyp, energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek, durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny bilen bagly meselelerde iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, Wengriýa Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisiniň awtordaşy bolup çykyş etdi.