Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda giň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi, Moskwa bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekip, geçen ýyl Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky maliýe dolanyşygynyň 1,6 milliard dollar bolandygyny aýtdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi "Iwan Welinkin" "Russiýa güni" mynasybetli "Türkmenistan Bitarap" gazetinde makala çap edip ýurduny Türkmenistanyň üç möhüm söwda hyzmatdaşlaryndan biri hasaplady.
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi şeýle-de iki ýurduň arasyndaky medeni we ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň möhümdigini aýtdy.
Welenkin, Moskwanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin alnyp barylýandygyny aýtdy.
Häzirki wagtda Türkmenistanda rus dili öwredilýän 71 mekdep bar.