Türkmenistan bilen Türkiýäniňyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany türk liderini mähirli mübärekläp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we özüne toý sowgady hökmünde iberen, Türkiýäniň önümi bolan “TOGG” kysymly täze elektromobiller üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň doglan gününde we Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň geçirilýän pursatlarynda täze ulaglaryň açarlarynyň gowşurylmagy şanly wakanyň şatlygyny has-da artdyrdy diýip, Türkmenistanyň prezidenti aýtdy. Bellenilişi ýaly, “TOGG” kysymly elektromobilleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy Türkiýe Respublikasynyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky beýanydyr.
Türkmenistanyň prezidenti Türkiýe bilen dürli pudaklardaky uzak möhletleýin gatnaşyklaryň berkidilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.
Hoşniýetli sözler üçin sagbolsun aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň doglan güni bilen gutlady. Doganlyk ýurduň Prezidenti Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda Türkiýede öndürilen, toý sowgady hökmünde iberen ak reňkli “TOGG” kysymly elektromobilleriniň dabaraly baýramçylyk ýörişine gatnaşdyrylmagynyň garaşylmadyk waka bolandygyny, onuň ýatda galyjy pursatlara öwrülmek bilen, türk hem-de türkmen halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändigini görkezendigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, sebitde deňi-taýy bolmadyk täze şäheriň açylyp ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň durmuş ulgamyny nazarlaýan we ýurduň hemmetaraplaýyn täzeçil ösüşine, ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli alnyp barylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berildi. Şeýle-de iki ýurduň hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge we olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň taryhynda möhüm ähmiýeti bolan waka — Türkiýe Respublikasynyň Prezidentligine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady hem-de dostlukly ýurduň Baştutanyna berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli işinde üstünlik, doganlyk türk halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdi we Mekge şäherinde haj parzynyň dessurlaryny ýerine ýetirýän pursatlarynda edýän doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklaryna ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny aýtdylar hem-de mukaddes günlerde beriljek sadakalaryň, doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.