Türkmenistanyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen maslahatlaşmagy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i22388-türkmenistanyň_halkara_atom_energiýasy_guramasy_bilen_maslahatlaşmagy
Türkmenistanyň we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň wekilleri halkara ýadro howpsuzlygy standartlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2023-07-08T07:29:59+00:00 )
Jul 08, 2023 12:29 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen maslahatlaşmagy

Türkmenistanyň we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň wekilleri halkara ýadro howpsuzlygy standartlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şenbe güni Fars habar gullugynyň habaryna görä, Awstriýanyň paýtagty Wenada ýerleşýän Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň merkezinde geçirilen bu gepleşiklerde iki tarap ýadro hadysalaryna çalt duýduryş bermek we adatdan daşary ýadro ýagdaýlara kömek baradaky konwensiýa barada pikir alyşdylar we global ülňüleri göz öňünde tutup, bu ugurda milli kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri gözden geçirdiler.

Bu maslahata Türkmenistanyň Goranmak we saglygy goraýyş ministrleri, şeýle hem Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiriniň orunbasarlary gatnaşdy.