Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda gaz eksporty barada şertnama
Wengriýanyň Daşary işler ministri "Budapeşt" bilen "Aşgabad" arasynda Türkmenistandan bu ýurda gaz üpjünçiligi meselesinde syýasy şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti "Serdar Berdimuhamedow" Wengriýa saparynyň çäginde ýekşenbe güni bu ýurduň premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy. Energetika meselelerinden başga-da iki tarap bu duşuşykda iki ýurduň beýleki meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Berdimuhamedow Wengriýanyň premýer-ministriniň çakylygy boýunça her ýyl 20-nji awgustda bellenilýän "Keramatly Stefanyň" baýramçylygynyň esasy dabarasyna gatnaşmak üçin iş saparynyň çäginde Budapeşte bardy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä; Wengriýanyň Daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri "Peter Siýarto" sosial ulgamlar arkaly çap edilen wideo habarynda "Budapeşt" bilen "Aşgabad" arasynda Türkmenistandan Wengriýa gaz üpjünçiligi meselesinde syýasy şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi.