Terrorçylyga garşy göreşde Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i23150-terrorçylyga_garşy_göreşde_türkmenistan_halkara_hyzmatdaşlygyny_güýçlendirýär
Terrorçylyga garşy göreş we 2023-2024-nji ýyllar aralygynda bu ugurdaky işleri gowulandyrmak boýunça Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meýilnamasy bu ýurduň prezidenti tarapyndan tassyklandy.
(last modified 2023-09-13T01:16:51+00:00 )
Sep 13, 2023 06:16 Asia/Ashgabat
  • Terrorçylyga garşy göreşde Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Terrorçylyga garşy göreş we 2023-2024-nji ýyllar aralygynda bu ugurdaky işleri gowulandyrmak boýunça Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meýilnamasy bu ýurduň prezidenti tarapyndan tassyklandy.

Sişenbe güni "Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti "Serdar Berdimuhamedow" bu ýurduň terrorçylyga garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meýilnamasyna gol çekdi.

Bu meýilnamany makullamagyň maksady, 2023-2024-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň degişli guramalarynyň terrorçylyga garşy göreş babatynda halkara guramalary we beýleki ýurtlaryň degişli guramalary bilen halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekdir.

Berdimohamedow ýurduň degişli ministrliklerine we bölümlerine bu meýilnamanyň durmuşa geçirilmegini buýrdy.