Demirgazyk-Günorta geçelgesinde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol gatnawynyň artmagy
Russiýanyň demirýol logistika kompaniýasynyň baş müdiri, Demirgazyk-Günorta halkara koridorynyň üsti bilen bu ýurduň Türkmenistan bilen demir ýol gatnawynyň köpelendigini habar berdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň demir ýol logistika kompaniýasynyň baş müdiri "Dmitriý Muraýew" Gündogar ykdysady konferensiýasynda Demirgazyk-Günorta halkara koridorynyň üsti bilen Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda demirýol transportynyň mukdarynyň 57% ýokarlanandygyny habar bermek bieln demirýol arkaly haryt daşamagyň mukdary, esasanam Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky serhet geçelgelerinden köpelýär diýdi.
"Dmitriý Muraýewiň" pikiriçe, Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta halkara transport koridorynyň ösmeginde we demir ýol ulaglarynyň mukdarynyň artmagyndaky rolunyň mundan beýläk-de güýçlenjekdigini ynam bilen çaklamak mümkindir.
Ozal Demirgazyk-Günorta halkara koridorynyň gündogar bölegini ösdürmegiň çäginde Türkmenistanyň Transport we logistika merkeziniň Russiýanyň demir ýol logistikasy bilen bilelikde Moskwa welaýatynyň Selatinowa demir ýol menzilinden Eýran Yslam Respublikasynyň Bandar Abbas şäherine konteýnerleriň daşalmagy habar berilipdi.