Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli müň tussag üçin amnistiýa
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli bu ýurdyň prezidenti Serdar Bardimuhamedow 1180 tussag üçin amnistiýa buýrugyna gol çekdi.
Türkmenistanda soňky 5 ýylda, uly dabaralaryň öňüsyrasynda 20 müňden gowrak tussagyň günäsi geçildi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan hökümetiniň giň gerimli ýygnagynda gol çekilen bu resminama laýyklykda bu ýurtda 1180 tussagyň günäsi geçiler. Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, eden işlerinden toba eden jenaýatçylary bagyşlamak uly dabaralaryň öňüsyrasynda Türkmenistan üçin däbe öwrülendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretaryna, Goranmak ministrine bagyşlananlaryň hemmesi basym türmeden boşadylyp maşgalalarynyň gujagyna gaýdýp barar ýaly bu buýrugyň doly ýerine ýetirilişine hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde gözegçilik etmegi buýurdy.
Mundan başga-da, Bardimuhamedow ýurdunyň sebitleriniň, etraplarynyň we şäherleriniň ýolbaşçylaryna günäleri geçilýänleriň hemmesine iş gözlemegi buýurdy.