Pekinde türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
(last modified Sat, 21 Oct 2023 04:38:41 GMT )
Oct 21, 2023 09:38 Asia/Ashgabat
  • Pekinde türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda iş saparynyň çäginde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy.

Başlyk Si Szinpin Gurbanguly Berdimuhamedowa “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi we Hytaýda mübäreklemäge örän şatdygyny belläp, taryhyň dowamynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda täze, möhüm ädim boldy. HHR-iň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Başlyk Si Szinpin Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini, döredijilikli halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Başlyk Si Szinpine HHR-e gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan türkmen-hytaý dostlugynyň iki müň ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edip gelýändigini aýtdy. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny ysnyşykly baglanyşdyrypdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky meselä ünsi çekip, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasyny Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň wajypdygyny belledi. Köp ýyllaryň dowamynda bu başlangyç Ýewraziýa sebitinde söwda we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlugyň, özara gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar.

 Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurdy we halky asyrlara uzaýan dostluk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini ýene-de bir gezek nygtap, Başlyk Si Szinpine duşuşmaga döredilen mümkinçilik we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, HHR-iň Başlygy bilen duşuşyklar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda hemişe möhüm ähmiýetli wakalardyr. Şol duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada pikir alyşmaga, aýratyn üns berilmegini talap edýän has möhüm meseleleri ýüze çykarmaga, zerur bolan halatynda, olara kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik döredýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynda gazanylan özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň, açyklygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. iki ýurdyň strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli, netijeli we maksada okgunly ösdürilýär. Biz bu hyzmatdaşlygy ösdürip we giňeldip, türkmen hem-de hytaý halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, olaryň birek-birege çuňňur hormat goýmagyna, iki döwletiň häzirki halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, taraplaryň uly ykdysady kuwwatyna daýanýarys diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Hyzmatdaşlygyň şeýle häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Hytaýyň düýpli bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halkara durnuklylygy, howpsuzlygy saklamaga hem-de pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar, derwaýys sebit meseleleriniň ençemesini çözmäge ýardam edýär, Aziýa yklymynda söwda-ykdysady işleri çaltlandyrmagyň we giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.

Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, şeýle hem syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow Başlyk Si Szinpine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi we hytaý halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we HHR-iň Başlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän, uzak geljegi nazara alyp ýola goýulýan, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda ilerledilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmak babatda türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir.

Ulag-logistika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin Türkmenistanyň öňe süren, bu strategik ulgamda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň möhümdigini nygtady. Şunda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” hem-de “Bir guşak, bir ýol” strategiýalaryny durmuşa geçirmek, olary utgaşdyrmak we özara üstüni ýetirmek babatda gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu babatda bilelikdäki işiň köpýyllyk uly tejribesi toplandy.

HHR-iň Başlygy Türkmenistana bolan saparyny hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene-de Hytaýa gelmäge çagyrdy.

***

Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen, şol sanda Daşary işler ministrlikleriniň ugry, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlary boýunça duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklarda syýasy-diplomatik ugur boýunça, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamynda giň gerimli meselelere garaldy.

Taraplar işjeň dialogy ösdürmek hem-de söwda, ulag-kommunikasiýalar, lukmançylyk, saglygy goraýyş, ylmy-tehniki innowasiýalar, sanly ykdysadyýet we beýleki ulgamlarda bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin yzygiderli duşuşyklary ýola goýmagyň zerurdygy baradaky bir pikiri beýan etdiler.

Tags