Türkmenistanyň Türkiýä elektrik eksport etmek maksatnamasy
(last modified Sun, 29 Oct 2023 08:53:53 GMT )
Oct 29, 2023 13:53 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Türkiýä elektrik eksport etmek maksatnamasy

Türkmenistanyň prezidenti Türkiýä elektrik energiýasyny eksport etmek üçin täze elektrik stansiýasynyň gurulýandygyny yglan edip, iki ýurduň arasynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň artýandygyny habar berdi.

"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýä elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiliginiň iki ýurduň hünärmenleri tarapyndan täze elektrik bekediniň gurulmagy bilen üpjün ediljekdigini aýtdy.

Berdimuhamedow, Türkmenistanyň öndürijileriň, üstaşyr geçýän ýurtlaryň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňligi ýörelgesini hereketiniň ölçegi hökmünde kesgitländigini we bu ugurdaky türk hyzmatdaşlary bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, 1,574 megawatt kuwwatly täze elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasy Türkmenbaşy (Balkan welaýaty) şäherinde geçiriler.

Tags