prezident Ruhani Türkmenstanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehran döwleti bütin goňşy ýurtlary şol sanda dos we dogan ýurt adynda türkmenistan bilen gyzyklanma bildirilýän bütin ugurlarda gatnaşyklaryny ösdürmäge ykjamdyr diýip yglan etdi.
şu gün prezident hasan Ruhani Tehranda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit meredow bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň tizlik bilen amala aşyrylmagy iki ýurduň milletleriniň bähbitlerinedir diýmek bilen Eýran bilen türkmenistanyň köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek ugurda hiç hili böwet ýokdyr we bu gatnaşyklaryň köpugurlarda ösdürilmegi zerurdyr diýip nygtady.
Ruhani sözüniň dowamynda energiýa swapy, elektrik geçirmek, tranzit hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi hemde Eýran bilen Türkmenistanyň ýollaryny we demir ýollaryny işjeňleşdirmekligi nygtamak bilen bir wagtda Eýranyň kompaniýalary tehnikal we inženerlik gulluklary ýetrmäge we degişli proýektleri şol sanda ýol ýasamak we otuban grmak ugurda arkalaşyk etmäge taýýardyrlar diýip yglan etdi.
prezident hasan Ruhani şeýle-de Eýran bilen türkmenistanyň ylmy we ýokary okuw jaýlarynyň hemde döwrebap tehnologiýalary dogrysynda işjeň kompaniýalaryň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini ngtamak bilen br wagtda Türkmenistanyň prezidentini Eýrana sapara çagyrdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit meredow hem bu duşuşykda Eýran bilen Türkmenistanyň üuň medeni we taryhy meňzeşliklerine yşarat edip Aşgabat döwleti tehran bilen gatnaşyklaryny ösdürmek ugurda berk yrada gulluk edýändir we gyzyklanma bildirilýän meseleler dogrysynda uzak möhletli ylalaşyklara gol çekilmegini isleýändir diýip yglan etdi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit meredow şu gün Tehranda Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif bilen hem duşuşyp ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada pikir alyşdy.