Larijani:Eýran bilen Türkmenistan özara gatnaşyklaryny ösdürmäge köp mümkinçiliklere eýedirler
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i2804-larijani_eýran_bilen_türkmenistan_özara_gatnaşyklaryny_ösdürmäge_köp_mümkinçiliklere_eýedirler
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Eýran bilen Türkmenistanyň döwletleri özara gatnaşyklaryny ösdürmäge köp mümkinçiliklere eýedirler oňa görä bu mümkinçiliklerden peýdalanylmalydyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 13, 2018 15:55 Asia/Ashgabat
  • Larijani:Eýran bilen Türkmenistan özara gatnaşyklaryny ösdürmäge köp mümkinçiliklere eýedirler

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Eýran bilen Türkmenistanyň döwletleri özara gatnaşyklaryny ösdürmäge köp mümkinçiliklere eýedirler oňa görä bu mümkinçiliklerden peýdalanylmalydyr diýdi.

şu gün Ali Larijani Tehranda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hakynda gowy garaýyşlar bardyr diýip nygtady.

Eýran bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugurda iki ýurdyň parlamentleri ýörite rola eýedirler diýip Larijani sözüne goşdy.ol şeýle-de Eýran Türkmenistan bilen saklaýan gatnaşyklarynyň geljegine hoş-gümanlyk bilen garaýandyr we iki ýurt ykdysady senagat we energiýa ugurlarynda gatnaşyklarny ösdürip biljekdirler diýip nygtap geçdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow hem bu duşuşykda Eýran bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň Aşgabat döwletiniň gün tertibindedigini aýdyp iki ýurdyň ilaty medeni we taryhy meňzeşliklerden paýlydyrlar we bu mümkinçiliklerden syýasy we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugurda hem peýdalansaň boljakdyr diýip nygtady.