Türkmenistanyň prezidenti Eýran bilen iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran bilen iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ministrler kabinetiniň maslahatynda söwda we ykdysady ugurlarda Eýran bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge Türkmenistanyň taýýarlygyny yglan etdi.
Berdimuhamedow şeýle-de Aşgabat döwleti Tehran bilen gol çeken ylalaşyklaryny hem amala aşyrmaga taýýardyr diýip sözüne goşdy.
Türkmenistanyň prezidenti sözüniň dowamynda Aşgabat bilen Tehran döwletleri hoş niýetli goňşyçylyk esasyndaky gatnaşyklaryny saklap häzirki zaman hakykatlara görä bar mümkinçiliklerinden özara gatnaşyklaryny ösdürmek ugurda peýdalanmalydyrlar diýip nygtady.
Berdimuhamedow şeýle-de bu ýurdyň daşary işler ministrne Eýranyň prezidenti Hasan Ruhaniň Aşgabada gurnan saparynyň gidişinde hasyl bolan ylalaşyklary çynlakaýlyk bilen yzarlamagyny buýurdy.
şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary işler ministrligi hem bir beýannama boýunça bu ýurdyň ýokary derejeli syýasy we ykdysady toparynyň soňky wagtlarda Tehrana gurnan saparynyň amatly netijeleriniň bolanlygyny yglan etdi.