Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat
Türkmnistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady.
Türkmen paýtagtynda bu halkara maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň tebigaty goramak ulgamynda wajyp meseleleri çözmekde Merkezi Aziýa sebitiniň we tutuş dünýäniň çäklerinde ekologiýa maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny durmuşa geçirmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça eýeleýän möhüm ornunyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredildi we şondan bäri Ýer şarynyň köp ýurtlarynda giňden bellenilip, dünýä bileleşigini tutuş adamzady tolgundyrýan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň hyzmatdaşlyk etmek meýlinde birleşdirýär. Bu senäniň bellenilmegi her bir adamyň daşky gurşaw üçin jogapkärçiligini artdyrýar, tebigata aýawly garamagyň zerurlygy barada oýlanmaga mejbur edýär. Munuň özi geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine tebigatyň gözelliklerini we baýlyklaryny aýawly saklamaga işjeň gatnaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şu güne gabatlanylyp, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ekologiýa bilimlerini wagyz etmek boýunça giň möçberli maslahatlar we medeni-aň-bilim çäreleri, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, dünýäde bioköpdürlüligi goramaga gönükdirilen amaly çäreler geçirilýär.
Baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasy maslahatlary, dürli sergileri, duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, bäsleşikleri we konsertleri birleşdirýär. Bu çäreler Aşgabatda hem-de welaýatlarda geçirilýär we metbugatda hem-de teleradioýaýlymlarda giňden beýan edilýär. Olarda türkmen topragynyň tebigatynyň gözelligi hem-de Türkmenistan d öwleti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ekologiýa abadançylygyny döretmek, baý tebigy we biologik serişdeleri rejeli ulanmak hem-de artdyrmak, mähriban Diýarymyzy gülläp ösýän abadan mekana öwürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler açylyp görkezilýär.
Türkmenistanda“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän şu ýylda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň bellenilmegi häzirki wagtda Merkezi we Günorta Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de Ýewropanyň ýurtlaryny baglanyşdyrýan, ekologiýa babatda howpsuz döwrebap transmilli ulag we energetika ýollaryny döretmek babatda hem örän wajypdyr.
Şu halkara forum hem bu maksatlara laýyk gelýär. Oňa Türkmenistanyň tebigaty goramak edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň ekolog alymlary we ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli parlamentiň deputatlary gatnaşdylar.
Maslahata daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagy Türkmenistanyň iri halkara guramalar we ekologiýa ulgamynda dünýäniň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy edarasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG), Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ), Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýetiniň, Norwegiýanyň Tebigat ulgamynda ylmy barlaglar institutynyň wekilleri bar.