Türkmenistan Hazar deňiziň çäginde söwda gatnaşyklaryň ösdürilmegini goldaýar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i3790-türkmenistan_hazar_deňiziň_çäginde_söwda_gatnaşyklaryň_ösdürilmegini_goldaýar
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet kabinetiniň maslahatynda eden çykyşynda Aşgabat döwleti Hazar deňiziniň çäginde 5 taraplaýyn taslamalary garşylaýandyr we ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini goldaýar diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 16, 2018 12:18 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan Hazar deňiziň çäginde söwda gatnaşyklaryň ösdürilmegini goldaýar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet kabinetiniň maslahatynda eden çykyşynda Aşgabat döwleti Hazar deňiziniň çäginde 5 taraplaýyn taslamalary garşylaýandyr we ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini goldaýar diýip yglan etdi.

Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň dowamynda Türkmenistan döwleti Hazar meselelerine ulaşmak we Hazaryň çäginde döwletler ara hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek we hazaryň strategik sebitiniň mümkinçiliklerinden talaba laýyk haýyrlanmak ugurda berek ädimleri ädip başlandyr diýdi.

BerdiMuhamedow şeýle-de bu mesele hazar baradaky köp ugurly hyzmatdaşlyklara degişli Türkmenistanyň ileri süren önjeýli tekliplerini açyk tärde kesgitleýändir diýmek bilen hazaryň çäginde 5 taraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň derejesi ýokarlandyrylmalydyr we döwüre bap hakykatlary üpjün edip başarmalydyr diýip sözüne goşdy.