GDA-nyň döwürleýin başlygy wezipesi Täjigistandan Türkmenistana gowşuryldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i3861-gda_nyň_döwürleýin_başlygy_wezipesi_täjigistandan_türkmenistana_gowşuryldy
şu gün Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy ýa-da şol GDA agza ýurtlarynyň başlyklarynyň geçiren maslahatynyň soňunda bu bileleşigiň başlygy wezipesi Täjigistandan Türkmenistana gowşuryldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 28, 2018 18:00 Asia/Ashgabat
  • GDA-nyň döwürleýin başlygy wezipesi Täjigistandan Türkmenistana gowşuryldy

şu gün Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy ýa-da şol GDA agza ýurtlarynyň başlyklarynyň geçiren maslahatynyň soňunda bu bileleşigiň başlygy wezipesi Täjigistandan Türkmenistana gowşuryldy.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheriniň Saman köşkinde GDA-nyň başlyklarynyň geçiren maslahatynyň soňunda bu bileleşigiň döwürleýin başlygy wezipesi Täjigistandan Türkmenistana gowşuryldy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň umumy ýygnagynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Niu-ýorka sapar edenligi babatly GDA-nyň Duşenbe-de geçiren maslahatyna gatnaşyp başarmady we onuň ýerine Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Purli Agamuradow bu maslahata gatnaşdy we Berdimuhamedowyň tarapyndan GDA-nyň döwürleýin başlygy wezipesini kabul etdi.

Duşenbe maslahatynda Garaşsyz Döwletleriň arkalaşygyna agza ýurtlaryň bütindünýä wehimleri şol sanda terrorizme,ekstremizme,neşe we ýarag gaçakçylygyna garşy göreşmek ugurdaky hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi barada gürrüň boldy.

GDA-nyň indiki maslahaty 2019-nji ýylyň 11-nji Oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljekdir.