Gazprom bilen Türkmen gaz kompaniýalaryň arasyndaky kynçylyk çözüldi
Orsýetiň Gazprom kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Türkmen gaz kompaniýasy özara dawalaryny çözmek barada karar gelendiklerini yglan etdiler.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä Orsýetiň milli Gazprom şereketi şu gün neşir eden 3 aýlyk hasabatynda bu şereket bilen Türkmenistanyň Türkmen gaz şereketi köp gepleşiklerden soňra agzalalyklaryny ikitaraplaýyn şeklinde çözmek barada karara ýetendirler diýip habar berdi.
3 ýyldan soňra 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinden Türkmenistan, Orsýete gaz eksport etmegi ýaňadan başlandyr.
Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda hasyl bolan ylalaşyk esasynda Orsýet 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli Türkmen gaz şereketiniň öndürýän gazynyň 1.1 milliard kubmetrnisatyn almakçydyr elbetde onuň bahasy we jikme-jigi barada maglumat neşir bolan däldir.