adam hukuk guramalary Türkmenistana garşy maliýe gadaganlyklaryň ýola berilmegini islediler
(last modified Mon, 01 Jul 2019 13:04:37 GMT )
Jul 01, 2019 18:04 Asia/Ashgabat
  • adam hukuk guramalary Türkmenistana garşy maliýe gadaganlyklaryň ýola berilmegini islediler

adam hukukyndan arka çykýan kä halkara guramalary Ýewropanyň ösüş bankynyň Türkmenistan döwletine berýän keriditlerini togtatmagyny islediler.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,halkara adam hukuk guramalarynyň käbirisi şol sanda Human Rights Watç we Partnerşip Human Rights Watch Iternational guramalary Ýewropanyň ösüş bankynyň başlygy Suma Çakrabatiýe ýollan hatlarynda bu bankyň Türkmenistanyň döwletine berýän keriditiniň togtadylmagyny talap etdiler.

Türkmenistan döwleti demokratiýa we adam hukukyna hormat goýmakda öz boluşyny üýtgetmese Aşgabat döwletine garşy gadaganlyklar ýola berilmelidir diýip bu guramalar yglan etdiler.

adam hukuky üçin halkara hyzmatdaşlyk we adam hukukyna gözegçilik edýän guramalary öz hasabatlarynda Türkmenistan döwletini diktatura düzgün hasaplap kanun düzüjilik sistemasyny düzeltmek ugurda şu mahala çenli hiç hilli programany ýola bermändigini yglan etdiler.

Tags