GAZPROM bilen Türkmen gaz kompaniýalarynyň ylalaşygy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5530-gazprom_bilen_türkmen_gaz_kompaniýalarynyň_ylalaşygy
Orsýetiň GAZPROM kompaniýasynyň metbugatlyk merkezi bu kompaniýanyň Türkmenistanyň Türkmen gaz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegi baradaky karar hatyň tassyklanmagyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 04, 2019 17:00 Asia/Ashgabat
  • GAZPROM bilen Türkmen gaz kompaniýalarynyň ylalaşygy

Orsýetiň GAZPROM kompaniýasynyň metbugatlyk merkezi bu kompaniýanyň Türkmenistanyň Türkmen gaz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegi baradaky karar hatyň tassyklanmagyny habar berdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä şu gün Orsýetiň GAZPROM kompaniýasynyň metbugatlyk merkezi bir beýannama boýunça täze kararhatyň möhleti 5 ýyl bolup 2024-nji ýyla çenli aktiw boljakdyr.

Orsýetiň GAZPROM kompaniýasynyň metbugatlyk merkeziiň maglumatyna görä Türkmenistanyň Türkmen gaz kompaniýasy ýylda ýylda 5 milliard 500 million kupmetr gazy Orsýete eksport edýändir.

Türkmen gaz, Orsýete gaz eksport etmegini 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda ýatyrdy, şeýlelik bilen hem Türkmenistan bilen Orsýetiň iki kompaniýasynyň arasyndaky dawalar başlandy we Orsýetiň Gazprom kompaniýasynyň başlygy Aleksi Milleriň 2018-nji ýylyň soňunda Türkmenistana sapar etmeginden soň bu iki ýurdyň resmileri dawalary ýatyryp 2019-njy ýyldan ýaňadan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmekleri bilen ylalaşdylar.