Türkmenistanyň DIM-de türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i5546-türkmenistanyň_dim_de_türkmen_italýan_hyzmatdaşlygynyň_ileri_tutulýan_ugurlary_ara_alnyp_maslahatlaşyldy
2019-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlar palatasynyň Wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 09, 2019 10:03 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň DIM-de türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlar palatasynyň Wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özarabähbitli türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şonuň ýaly hem iki ýurduň işewürler toparlarynyň özarahereketlerini işjeňleşdirmegiň meselelerine seredip geçdiler.

Mundan başga-da iki ýurduň wekilleri medeni-ynsanperwerlik ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň depginini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de «ÝB – Merkezi Aziýa» dialogynyň çäklerinde geljegi uly ugurlaryň ençemesi boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredip geçdiler.