Eýran bilen Türkmenistan özara parlamentlik arkalaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar
Eýran bilen Türkmenistanyň dostluk parlamentlik toparynyň Eýranly başlygy Kuroş Karampur Hakyky bilen Türkmenistanyň mejlis başlygy Gülşat Mämedowa iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky arkalaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.
Eýranyň mejlisiniň habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bir topara baş bolup Türkmenistana sapar eden Karampur Hakyky Aşgabatda Türkmenistanyň mejlis başlygy Gülşat Mämedowa bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň syýasy arkalaşyklarynyň ýagdaýyndan razylyk bildirmek bilen Eýran bilen Türkmenistan ýurtlary kyn ýagdaýlarda sebit we halkara derejelerde birk biregiň arkasynda durandyrlar diýip beýan etdi.
bu duşuşykda Türkmenistanyň mejlis başlygy Gülşat Mämedowa hem iki ýurduň mejlis wekilleriniň arasyndaky duşuşyklary möhüm bilmek bilen iki ýurduň gatnaşyklaryna ýardym etmekde mejlisleriň oýnaýan rollaryny göz öňüne almak bilen Türkmenistanyň mejlisi Tehran bilen Aşgabadyň arasyndaky parlamentler-ara gepleşikleri garşy alýandyr diýip yglan etdi.
Türkmenistan ýurdy açyk gapylar syýasatyna eýerýändir we şu esasda hem bütin ýurtlar bilen aýratynda özüniň goňşylary bilen we olaryň başynda hem Eýran bilen saklaýan arkalaşyklaryny we arabaglanşyklaryny ösdürmekçidir diýip Gülşat Mämedowa aýtdy.