Türkmenistanyň we Günorta Koreýa Respublikasynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürilýär
(last modified Wed, 30 Oct 2019 15:20:18 GMT )
Oct 30, 2019 20:20 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň we Günorta Koreýa Respublikasynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

2019-njy ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Koreýa Respublikasyna sapary boldy.

Saparynyň barşynda Mejlisiň başlygy Koreýa Respublikasynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşdy.

2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda KR-nyň Milli Assambleýasynyň Dostluk toparynyň Başlygy jenap Park Deçul bilen iş günortanlyk nahary geçirildi. Günortanlyk naharynyň barşynda taraplar ykdysadsyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň syýasaty hakynda gürrüň etdiler, çünki häzirki wagtda Türkmenistan bu ugra aýratyn ähmiýet berýändir. KR-nyň tejribesini çekmek bilen sanly ulgam, şol sanda bu ulgamdaky kanunçylyk binýadynyň ösdürilmegi babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Şol gün Mejlisiň başlygy Seul Döwlet uniwersitetiniň Prezidenti jenap Oh Sejung bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyna kanagatlanma bildirdiler, hususan-da 2019-njy ýylyň aprel aýynda Seul Milli uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekilendigi bellenilip geçildi.

Şeýle hem şol gün Patyşa Sejon adyndaky Institutda hem duşuşyk geçirildi, onuň barşynda Institutyň wekilleri koreý dilini öwretmek bilen birlikde tutuş dünýäde koreý medeniýetiniň ýaýradylmagy babatynda öz ygrarlylyklaryny belläp geçdiler. Taraplar Türkmenistanda Patyşa Sejon adyndaky Merkeziň açylmagynyň derwaýyslygy barada gürrüň etdiler.

Agşam Milli maglumat jemgyýeti agentliginiň ýolbaşçysy jenap Mun Ýok-şik bilen iş agşamlyk nahary geçirildi. Duşuşygyň barşynda sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garalyp geçildi.

2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Milli Assambleýanyň binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Spikeri jenap Mun Hi San bilen duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna we iki ýurduň parlamentariýleriniň arasyndaky özarahereketleri ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Soňra Mejlisiň başlygy KR-nyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bilim ministri hanym Ýu Yn-he bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we aýratyn hem Patyşa Sejon adyndaky okuw Merkeziň açylmagyna ýokary baha berdiler. Türkmenistanda koreý diliniň öwrenilmegine ýokary gyzyklanma bildirilýändigi bellenilip geçildi.