Özbegistan bilen Türkmenistanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i6281-Özbegistan_bilen_türkmenistanyň_prezidentleri_telefon_arkaly_söhbetdeş_boldylar
Özbegistan bilen Türkmenistanyň prezidentleri telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde iki ýurduň iki taraplaýyn gatnaşyklarynyň göz ýetimini barladylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 31, 2019 14:30 Asia/Ashgabat
  • Özbegistan bilen Türkmenistanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Özbegistan bilen Türkmenistanyň prezidentleri telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde iki ýurduň iki taraplaýyn gatnaşyklarynyň göz ýetimini barladylar.

Fars habarlar gullugynyň Daşkentden beren habaryna görä,Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňky söhbetdeşlikde halkara,sebit we iki taraplaýyn möhüm meseleler hakynda şol sanda söwda,transport,oba hojalyk we energiýa meseleleri barada hem-de bu ýerlikdäki arkalaşyklary ösdürmek barada gürrüň etdiler.

bu söhbetdeşligiň soňunda taraplar iki ýurduň we merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine laýyklykda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik ähmiýetli arkalaşyklaryň gün günden berkemegini nygtadylar.

Türkmenistan bilen Özbegistan döwletleri şu mahala çenli dürli ugurlarda 200-den gowrak şertnama gol çekendirler bu şertnamalar iki ýurduň arkalaşyklarynyň gülläp ösmeginde öz täsirini galdyrandyr.