Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar berkeýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i6325-türkmenistan_bilen_azerbaýjan_respublikasynyň_arasyndaky_parlamentara_gatnaşyklar_berkeýär
2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna sapary boldy.
(last modified 2025-04-07T10:38:32+00:00 )
Nov 05, 2019 18:03 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar berkeýär

2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna sapary boldy.

Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Oktaý Asadow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşine aýratyn üns berildi, bu ugurdaky gatnaşyklary berkitmek mümkinçiligine hem seredildi.  

Şeýle hem, saparyň çäklerinde wekiliýet Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky “ASAN’ hyzmat durmuş innowasiýalary we raýatlara hyzmat etmek boýunça Döwlet agentliginiň işi bilen hem tanyşdy.