Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasyna sapar etdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i6340-türkmenistanyň_prezidenti_italiýa_respublikasyna_sapar_etdi
resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte, şeýle hem bu ýurduň Prezidenti Serjio Mattarella bilen gepleşikler geçirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 08, 2019 14:15 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasyna sapar etdi

resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte, şeýle hem bu ýurduň Prezidenti Serjio Mattarella bilen gepleşikler geçirdi.

Ýokary derejede geçirilýän bu duşuşyklarda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary has-da berkitmek, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda möhüm ähmiýet berilýär. Ýewropa ugry Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Lideriniň Italiýa şu sapary bu ýurda uly gyzyklanma bildirýän Ýewropa döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ilerletmegiň maksatlaryna kybap gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, düýn Milanda bilelikdäki işewürler maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Bu maslahat italýan işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny giňeltmäge, şol sanda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ymtylýandygyny aýdyň görkezdi. Maslahatyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň we Italiýanyň giň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýändigine şaýatlyk edýär. Şol resminamalarda dürli ugurlarda netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça gazanylan ylalaşyklar berkidildi.