Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i6567-türkmenistanyň_dim_nde_bmg_bilen_bilelikdäki_maksatnama_gol_çekişlik_dabarasy_geçirildi
düýn, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 17, 2019 16:57 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi

düýn, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri Raşid Meredow gol çekdi.

BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi.

Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda BMG-niň düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça işleri alyp barmagy göz öňünde tutulýar.

Taslama Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki işleriniň çäklerinde amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan global Durnukly ösüş maksatlaryny hökümet derejesinde kabul eden ilkinji ýurtlaryň biridir. Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlary Türkmenistanyň milli syýasatynda düýpli ornaşdyrylandyr we häzirki wagtda DÖM-nyň köp meseleleri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli we pudaklaýyn maksatnamalarda öz beýanyny tapdy.

Gol çekilen bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramlary bilen BMG-niň degişli edaralarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny berkitmekde we giňeltmekde hukuk esasyny döreder.