Türkmenistanyň prezidenti bu ýurdyň media serişdeleriniň işlerini tankyt etdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i6892-türkmenistanyň_prezidenti_bu_ýurdyň_media_serişdeleriniň_işlerini_tankyt_etdi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurdyň habar serişdeleriniň işlerini tankyt etmek bilen bir wagtda bu ýurdyň ykdysady üstünlikleri barada habar bermeklerini isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 30, 2020 17:06 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň prezidenti bu ýurdyň media serişdeleriniň işlerini tankyt etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurdyň habar serişdeleriniň işlerini tankyt etmek bilen bir wagtda bu ýurdyň ykdysady üstünlikleri barada habar bermeklerini isledi.

Türkmenistanyň Hronika habar saýtynyň beren habaryna görä Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, medeniýet we sungatyň ösdürilmegi we habar serişdeleriň işleriniň gowylaşmagy maksady bilen bu ýurdyň tele-radio guramasynyň we medeni hemde media bölzmleriniň jogapkärleri bilen oturylyşyk geçirip Türkmenistanyň ykdysady we sosial bölümlerde gazanan üstünlikleriniň ilata habar berilmegini, bu ýurdyň tele--radio guramasynyň asly borjy wasp etdi.

Türkmenistanyň media serişdeleri soňky ýyllarda bolan wakalara we üstünliklere giň gerimde girişen däldirler diýip Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sözüne goşdy.

Türkmenistanyň prezidenti şeýle-de bu ýurdyň medeni miras kanalynyň müdiri Guwanç Baýramdurdyewi öz işinde goýberen kemçilikleri babatly işden boşadyp onuň ýerine Gülnara çarywany bu wezipä belledi.