Türkmenistanyň milli howpsuzlyk geňeşiniň täze başlygy bellendi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i6922-türkmenistanyň_milli_howpsuzlyk_geňeşiniň_täze_başlygy_bellendi
Türkmenistanyň prezidenti bu ýurduň milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda bu geňeşiň täze başlygyny we agzalaryny belli etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 02, 2020 18:29 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň milli howpsuzlyk geňeşiniň täze başlygy bellendi

Türkmenistanyň prezidenti bu ýurduň milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda bu geňeşiň täze başlygyny we agzalaryny belli etdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkmenistanyň milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy mundan ozal ýurduň ýaragly ýa-da polisiýa güýçleriniň başlygyna berilýärdi emma Türkmenistanyň parlamentiniň bu geňeşiň işleri barada makullan täze kanuny bilen onuň özüne mahsus başlygy bolmalydyr diýip Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

parlamentiň makullan täze kanuny boýunça indiden soň premýer ministrniň orunbasary Çarymyrat Amanow milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy boljakdyr diýip Prezident Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çarymyrat Amanowyň howpsuzlyk guramalarda ýeterlik suratda geçmişiniň barlygyna yşarat edip ony bu ýurduň milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygyna belledi.