Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky ýene pul nagtlaşdyrmagy çäklendirdi
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky ýene pul nagtlaşdyrmagy çäklendirdi we Türkmenistanda ýylyň banky boldy.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, Daşary ykdysady iş banky ýene-de bank kartlaryndan daşary ýurtlarda pul nagtlaşdyrmak mümkinçiligine çäklendirme girizdi. Bu barada bankyň işgärleri gürrüň berdiler.
Indi ýurduň raýatlary aýda 500 dollardan köp bolmadyk möçberde pul nagtlaşdyryp bilerler. Diňe studentlere we daşary ýurtda bejergi alýan näsaglara bu kadadan çykmaga rugsat berilýär. Bu kategoriýadaky adamlar, ozalkylary ýaly, daşary ýurda aýda 1000 dollara çenli geçirip bilerler.
Gije-gündizdäki çäklendirme ozalky derejesinde daklanyp galdy-resmi taýdan hasabyňdan 50 dollardan köp bolmadyk möçberde serişde çykaryp bolýar, nagt däl hasaplaşyk boýunça gije-gündizde 200 dollardan köp bolmadyk möçberde hasaplaşyk geçirip bolýar.
Hakykat ýüzünde bolsa, örän köp türkmenistanly söwda edip, plastiki kart bilen hasaplaşmakçy bolanda problema uçraýar. Kartlar arkaly töleleg edilende, gije-gündizdäki çäkden geçilmedigem bolsa, tölegleriň ýarysyna golaýy geçmeýär.
Türkiýedäki bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmaga çalyşýan türkmenistanly raýatlaryň uly nobatlary döreýär.
Ýatladýarys, owallar bank kartlaryna maşgalanyň aýlyk girdejisinden geçmeýän, ýöne aýda 1000 dollardan artyk bolmadyk serişde geçirip bolýardy.
Daşary ykdysady iş bankynyň resmi saýtynda makala çap edilen pursatynda täze girizilen çäklendirmeler hakynda maglumat ýokdy. Ýöne, täzelikler bölüminde bankyň, “The Banker” britan neşiriniň wersiýasy boýunça, “2017-nji ýylda Türkmenistanda iň gowy bank” diýlip ykrar edilendigi habar berilýar . Daşary ykdysady iş banky bu derejäni 2001-nji ýyldan bäri 13-nji gezek alýar.
5-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň resmi saýtynda hem çap edilen bildişe laýyklykda, daşary ýurtlarda bolmak bilen, öz bank hasabyňdan gije-gündizde diňe 50 dollardan köp bolmadyk möçberdäki puly nagtlaşdyrmak mümkin. Nagt däl hasaplaşyk boýunça bolsa, bir gije-gündizde diňe 200 dollardan köp bolmadyk pul harçlamaly.
Şeýle çäklendirmä garamazdan, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýören raýatlary bankomatlardan pul çykaryp-da ýa-da nagt däl hasaplaşyk boýunça hasaplaşyp-da bilmeýärler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler. Soňky iki hepdede adamlar eýýäm birnäçe gezek pul nagtlaşdyrmak problemalaryna duçar boldylar. Adamlar öz kartlaryndan pul çykarmak üçin bankomatlaryň ýanynda “nobatçylyk çekdiler” diýseň-de bolar.