Türkemnistan döwleti azyk önümleriň kemçiliklerini doldurmagyň yzynda
Türkmenistanyň jogapkärleri Korona wirusyň ýaýramagynyň yzy bilen dünýäniň beýleki ýurtlary ýaly Türkmenistan hem azyk önümleriň azalmagyna gabat gelendir diýip yglan etdiler.
habarçymyzyň Türkmenistanyň Hronika saçtyna salgylanyp beren habaryna görä durmuşda Türkmenistanyň döwleti Täjigistan bilen Özbegistanyň serhetlerinden sogan,we Orsýetden hem kartoşka almakçydyr.
Türkmenistan öz mätäç bolýan azyk önümleriniň köpüsini Eýrandan alýardy emma Eýran bilen bolýan serhedini baglamagy babatly azyk önümleri üpjün etmekde kynçylyga gabat gelendir.
bu habar boýunça Türkmenistanyň Eýran bolýan serhetlerini baglamagynyň yzy bilen Türkmenistanyň bazarlarynda bu ýurdyň ilatynyň mätäç bolýan azyk önümleri azalyp olaryň bahasy hem ýokarlanandyr we kartoşka ýaly önümleriň bahasy 2 tas 3 esse bolandyr.
Koronawirusyň Eýranda ýaýramagynyň yzy bilen TürkmenistanEýran bilen bolýan serhedini baglandyr . Türkmenistan şeýle-de Lebap we daşoguz welaýatlarynda hem Özbegistan bilen bolýan serhetlerini baglandyr.