Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň berkidilmegini nygtady
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi tranzit meselesine ünsi çekip iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň zerurdygyny aýtdy.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golamabbas Arbab Halis penşenbe güni Maşatda Horasan Razavi serhet guramaçylyk komitetiniň agzalary bilen geçiren maslahatynda beren gürrüňlerinde Iki ýurduň arasynda demirýol we ýol pudaklarynda üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmäge şeýle hem bar bolan päsgelçilikleri we çäklendirmeleri aýyrmaga çagyrdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hereketleri we meýilnamalary barada durup geçen Arbab Halis:Eýran we Türkmen resmileriniň dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we zerur şertleri döretmek baradaky umumy islegleriň bardygyny aýtdy.
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi şeýle-de Eýranyň aýratynda serhetlik welaýatlarynyň senagat,oba hojalyk,bilim,tehniki gulluklar we inženerlik başarnyklary we potensiallary iki ýurduň arkalaşyklaryna mynasyp şertleri taýýarlap biljekdir diýip sözlerine goşdy.