Türkmenistanyň serhetlerinde gözegçilik we saglyk çäreleri güýçlendirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i7484-türkmenistanyň_serhetlerinde_gözegçilik_we_saglyk_çäreleri_güýçlendirildi
Türkmenistan hökümeti ýurduň serhet kanunlaryny üýtgetmek bilen Saglyk arassaçylygyna gözegçilik etmek we epidemiologiýa garşy göreşmek baradaky serhet nokatlarynda gözegçiligi güýçlendirdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Apr 23, 2020 12:46 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň serhetlerinde gözegçilik we saglyk çäreleri güýçlendirildi

Türkmenistan hökümeti ýurduň serhet kanunlaryny üýtgetmek bilen Saglyk arassaçylygyna gözegçilik etmek we epidemiologiýa garşy göreşmek baradaky serhet nokatlarynda gözegçiligi güýçlendirdi.

Çarşenbe güni yglan edilen üýtgeşmelere görä, Türkmeniň ähli serhet nokatlarynda ulaglar we demir ýollar üçin dezinfeksiýalar gurlar we ähli ösümlikler we ekin önümleri dezinfeksiýa ediler.

Kanuna girizilen üýtgetmeleriň maksady, bu ýurduň raýatlarynyň saglygyna uly zyýan ýetirip biljek her hili ýagdaýyň öňüni almakdyr.

Hökman zerur işler, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň buýrugy bilen Döwlet Serhet Kanunynyň täze maddasyna laýyklykda ministrlik we edaralar tarapyndan ýerine ýetiriler.

Ondan öň, Türkmenistanyň prezidentiniň buýrugy bilen esasy kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar taslamasy milli habar beriş serişdelerinde çap edildi.