Prezident Berdimuhamedow “Miras” telekanalyna täze başlyk belledi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Miras” telekanalyna täze başlyk belledi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy maýda Guwanç Baýramdurdyýewi döwlet teledideniýesiniň “Miras” telekanalynyň direktory wezipesine belledi.
Ýatladýarys, döwlet baştutany türkmen medeniýeti barada gepleşik berýän telekanalyň ozalky ýolbaşçysy Bäşim Ataýewi 7-nji maýda, “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşatdy . Şonda telekanalyň wagtlaýyn ýolbaşçylygyna baş redaktor Kuwwatberdi Hezziýew bellenildi.
Prezident şondan birnäçe gün soňra medeniýet boýunça wise-premýer Bahargül Abdyýewa “gözegçilik edýän ulgamynyň ýolbaşçylarynyň işlerine gözegçiligi gowşadandygyny” aýdyp, “ýolbaşçylaryň birnäçesiniň garamagyndaky düzümlerde düzgün-tertibiň köp bozulýandygy, dürli ýaramaz ýagdaýlara ýol berilýändigi üçin” käýinç berdi.
2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň täze binasy açyldy.
Teleradio merkeziň kuwwatly antennasyny hem hasaba alanyňda onuň umumy beýikligi 211 metr. Toplumyň esasy desgasy 31 gatdan bolup, onuň 29-njy gatynda aýlanýan restoran ýerleşýär. Ol ýerden ak mermerli türkmen paýtagty we onuň etekleri eliň aýasynda ýaly görünýär. Aşgabadyň gözelligini hem-de Köpetdagyň dag derelerine syn etmek üçin teleradio merkeziň ýörite syn ediş eýwany bar. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň täze binasy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.