Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda transporty ösdürmek üçin Sarahs serhet köprüsi açyldy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i7833-eýran_bilen_türkmenistanyň_arasynda_transporty_ösdürmek_üçin_sarahs_serhet_köprüsi_açyldy
Täze Sarahs köprüsi, Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministriniň we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň gatnaşmagynda açyldy.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Jun 08, 2020 16:46 Asia/Ashgabat

Täze Sarahs köprüsi, Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministriniň we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň gatnaşmagynda açyldy.

Ýol we şähergurluşyk ministrliginiň täzelikler web sahypasyna görä, Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Muhammet Eslami we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Nurgeldi Geldiýew duşenbe güni agşam wideo konferensiýa arkaly iki ýurduň arasyndaky serhet köprüsini resmi tärde açdylar.

Köpriniň ulanylmagy Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Sarahs serhet terminalyny Merkezi Aziýa, açyk suwlar we Türkiýäniň arasynda haryt üstaşyr merkezine öwürer.

Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Tehranyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýol tranzit amallaryny nädip başlamalydygyny öwrenmäge taýýardygyny aýtdy: Türkmenistan bilen täze serhet köprüsinden günde müň awtoulagyň geçirilmegi nazara alynandyr diýip yglan etdi.

Eslami, şeýle hem Eýranyň Türkmenistan bilen iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda alyş-çalyşlaryny ösdürmek baradaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamasyna yaşarat edip Häzirki wagtda Eýranyň goňşy ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen bilelikdäki derwezeleriniň hemmesi saglyk meselelerine ýakyndan gözegçilik edilýär we dezinfeksiýa  enjamlary iki ýurduň serhedinde ýerleşdirildi diýip habar berdi.

Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistanyň berýän goldawyna ýokary baha bermek bilen bir wagtda Eýran, iki ýurduň hökümetleriniň kararlaryna we Aşgabadyň, Ýüpek ýoly ýurtlarynyň we goňşy Hazar deňziniň üstaşyr şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary täzeden başlamaga doly taýýarlygyny yglan etdi.