Resmi taýdan Türkmenistanda COVID-19 ýok, resmi bolmadyk ýagdaý nähili?
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i7943-resmi_taýdan_türkmenistanda_covid_19_ýok_resmi_bolmadyk_ýagdaý_nähili
Azatlyk Radiosy 19-njy iýunda Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi bilen habarlaşyp bildi. Ministrlikde telefon jaňymyza jogap beren işgär, "resmi taýdan bizde koronawirus ýok" - diýdi. "A resmi däl taýdan ýagdaý nähili?", diýip beren sowalymyza: "Biz size beýle maglumatlary berip bilmeris" - diýip jogap berdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 20, 2020 04:54 Asia/Ashgabat
  • Resmi taýdan Türkmenistanda COVID-19 ýok, resmi bolmadyk ýagdaý nähili?

Azatlyk Radiosy 19-njy iýunda Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi bilen habarlaşyp bildi. Ministrlikde telefon jaňymyza jogap beren işgär, "resmi taýdan bizde koronawirus ýok" - diýdi. "A resmi däl taýdan ýagdaý nähili?", diýip beren sowalymyza: "Biz size beýle maglumatlary berip bilmeris" - diýip jogap berdiler.

 Şu döwürde Türkmenistandaky hassahanalar ýokanç keselden goragy güýçlendirýärler, işgärler COVID-19-dan goramak üçin niýetlenen ýörite kostýumlarda işleýärler.Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda COVID-19 keseli bilen täze kesellän adamlar barada habar berýärler.19-njy iýunda Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtyň Howdan etrapçasynda ýaşaýan tutuş bir maşgalanyň koronawirusyň tapylandygy sebäpli karantine salnandygyny habar berdi.Birnäçe gün ozal garaşsyz turkmen.news neşiri Howdan etrapçasynda ýerleşýän Aşgabatdaky dokuzynjy hassahanada birnäçe lukmanda we şepagat uýasynda koronawirusyň tapylandygyny, wirus ýokaşan näsaglaryň hem bardygyny we olaryň hemmesiniň gözegçilik astynda saklanýandygyny habar berdi.19-njy iýunda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň käbir saglyk merkezleriniň karantine ýapylandygyny habar berdiler."Aşgabatdaky perinatal merkez, gullugyny gutaryp öýüne gaýdyp gelen esgerde koronawirusyň tapylanyndan soň karantine ýapyldy. Ol özüni gowy duýmadyr. Ýene bir adam ýanynda bardy. Ikisi-de Çoganlydaky hassahana karantine eltildi. Perinatal merkez gyssagly ýapyldy we işgärler we hassalar synagdan geçirilýär" diýip, Azatlygyň habarçysy bu ýagdaý bilen gönüden-göni tanyş saglyk işgärlerine salgylanyp habar berýär. Azatlyk Radiosy 19-njy iýunda Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi bilen habarlaşyp bildi. Ministrlikde telefon jaňymyza jogap beren işgär, "resmi taýdan bizde koronawirus ýok" - diýdi. "A resmi däl taýdan ýagdaý nähili?", diýip beren sowalymyza: "Biz size beýle maglumatlary berip bilmeris" - diýip jogap berdiler. Şu döwürde Türkmenistandaky hassahanalar ýokanç keselden goragy güýçlendirýärler, işgärler COVID-19-dan goramak üçin niýetlenen ýörite kostýumlarda işleýärler.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda COVID-19 keseli bilen täze kesellän adamlar barada habar berýärler.19-njy iýunda Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtyň Howdan etrapçasynda ýaşaýan tutuş bir maşgalanyň koronawirusyň tapylandygy sebäpli karantine salnandygyny habar berdi.Birnäçe gün ozal garaşsyz turkmen.news neşiri Howdan etrapçasynda ýerleşýän Aşgabatdaky dokuzynjy hassahanada birnäçe lukmanda we şepagat uýasynda koronawirusyň tapylandygyny, wirus ýokaşan näsaglaryň hem bardygyny we olaryň hemmesiniň gözegçilik astynda saklanýandygyny habar berdi.19-njy iýunda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň käbir saglyk merkezleriniň karantine ýapylandygyny habar berdiler."Aşgabatdaky perinatal merkez, gullugyny gutaryp öýüne gaýdyp gelen esgerde koronawirusyň tapylanyndan soň karantine ýapyldy. Ol özüni gowy duýmadyr. Ýene bir adam ýanynda bardy. Ikisi-de Çoganlydaky hassahana karantine eltildi. Perinatal merkez gyssagly ýapyldy we işgärler we hassalar synagdan geçirilýär" diýip, Azatlygyň habarçysy bu ýagdaý bilen gönüden-göni tanyş saglyk işgärlerine salgylanyp habar berýär.