Türkmenistanda Un-çörek ýetmezçiligi dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i8047-türkmenistanda_un_çörek_ýetmezçiligi_dowam_edýär
Bugdaý hasylynyň ýygyalandygyna seretmezden Türkmenistanyň Mary welaýatynyň etraplarynda un-çörek ýetmezçiligi dowam ediýär. Ýolöten etrabynyň Baýraç daýhan birleşiginiň 22-nji dükanynda şu ýylyň Fewral aýynyň un normasyny ýaşaýjylar alyp bilmändirler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 30, 2020 06:00 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda Un-çörek ýetmezçiligi dowam edýär

Bugdaý hasylynyň ýygyalandygyna seretmezden Türkmenistanyň Mary welaýatynyň etraplarynda un-çörek ýetmezçiligi dowam ediýär. Ýolöten etrabynyň Baýraç daýhan birleşiginiň 22-nji dükanynda şu ýylyň Fewral aýynyň un normasyny ýaşaýjylar alyp bilmändirler.

Oba dükanynyň satyjysy ilatyň arza-şikaýatynyň netijesinde işinden boşadylypdyr we şondan soňra Fewral aýynyň un normasynyň ýok edilendigi ýüze çykypdyr. Un normasy ýitirlipdir, Fewral aýy üçin una garaşmaň diýip, dükana üýşýän  alyjylara aýdylypdyr. Mart aýynyň norma ununy ilata beripdirler. Emma Aprel aýy üçin heniz öz un normasyny alyp bilmedik ýaşaýjylar bar diýilýär. Maý-Iýun aýlarnyň un normasyny heniz berip başlamandyrlar. Etrap bolsa bugdaý planyny dolupdyr. Bugdaýlar oňat hasyl berdi, kä bir daýhan hojalyklary daýhanlar bilen hasaplaşyk hem geçirip, olaryň plastik kartlaryna bugdaý üçin  gazanan pullaryny  geçiripdirler. Emma oba ýaşaýjylarynyň un-çörek meselesi ýaramazlaşmasa gowulaşmaýandygy aýdylýar. Oba dükanyna gün içinde bir gezek çörek getirilýär. Bahasy 0-50-teňňeden bolan buhanka çöregini 0-60-teňňeden ilata satýarlar. 0-10-teňňe transport çykdajysy diýip, satyjy ilata düşündiriş berýär. 7-kilometrlik etrap merkezinden oba dükanyna ýük getirmek üçin döwlet tarapyndan awtoulag bilen üpjün edilmeýär. Öz hasabyňa awtoulag tutup ýük getirseň, awtoulaga tölenen puly alyjylardan almaly bolýarsyň diýip, oba dükanynyň satyjysy aýdýar. Çörek oba ýaşaýjylarynyň ählisine ýetmeýär. Şol sebäpli çörek nobatyna gelen 10-12-ýaşly çagalara kä gün çörek bermän, nobatdan kowulýandygy aýdylýar. Çöregiň hem, unuň hem haçan dükana getiriljegi belli bolmandan soňra ýaşaýjylar işden galyp, wagtlarnyň köpüsini dükanyň agzynda geçirýändikleri aýdylýar. Bahasy 1-manat 50-teňňelik bolan çöregi bolsa satyjy dükana getirmän hususy dükanlara berýändigi, hususy dükanlarda bolsa ony 3-manatdan satýandyklarny hem şaýat bolan ýaşaýjylar aýdyýarlar. Şeýlede şaýat bolan ýaşaýjynyň aýtmagna görä Iýun aýy üçin oba dükanyna berilen her birinde 12-baklažka bolan 10-korobka ýagyň dükana  6-sy gelipdir. Hersinde 50-kilogram şeker bolan 4-halta şekeriň 2-haltasy dükana gelipdir. Galan harytlary  satyjylaryň  nirä ýok edendiklerini bilýän ýok diýip, şaýat bolan ýaşaýjy aýdýar. Dükana gelýän bir kilogramy 12-manat diýilýän towuk budy  hem her hojalyga 1-butdan berilýär. Ol hem 6-manat  60-teňňä ýa bolmasa 7-manada düşýär. 5-8 adam ýaşaýan hojalyklar bir sany towuk buduny nädip maşgala paýlap berjeklerni bilmän kösenýärler diýilýär. Bazarlarda bolsa 50-kilogramlyk bir halta unyň bahasy 320-manatdan satylýandygy aýdylýar. Onuň hem hili juda ýaramaz. Hamyr etseň akýar, tamdyrda durmaýar diýip, öý bikeleri zeýrenýärler. Hemişe satuwda bolýan gazak ununyň bolsa 50-kilogramlyk bir haltasynyň bahasy 500-manatdan bahalanýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.