GURLUŞYK PUDAGYNDA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i8205-gurluŞyk_pudagynda_ikitaraplaÝyn_hyzmatdaŞlyk_meseleleri_boÝunÇa_tÜrkmen_rus_gepleŞikleri_geÇirildi
2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gurluşyk we gurluşyk materiallary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça türkmen-rus gepleşikleri geçirildi.  
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 16, 2020 12:01 Asia/Ashgabat
  • GURLUŞYK PUDAGYNDA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gurluşyk we gurluşyk materiallary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça türkmen-rus gepleşikleri geçirildi.  

Türkmen tarapyndan duşuşyga Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary M.Orazowyň ýolbaşçylygynda şol ministrligiň wekilleri gatnaşdylar. Rus tarapyna Sankt-Peterburg şäheriniň gurluşyk komitetiniň başlygy I.Kreslawskiý ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de Sankt-Peterburgyň daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Hlutkow we Sankt-Peterburgyň işewürler bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.   

Duşuşykda gurluşyk ulgamynda tejribe alyşmak, ýaşaýyş jaý gurluşygynda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň täze önümçilik tehnologiýalaryny girizmek meseleleri, şeýle hem ýangyn howpsuzlygy, durnuklylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar 2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň,  ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda ýetilen ylalaşyklara laýyklykda bu pudakdaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary barada belläp geçdiler.