Türkmenistanda ,Saglygy goraýyş ministirligi SMS ýaýratdy
Şu gün iýulyň 22-si irden Altsn Asyr mobil telefonlara maska dakynmagy maslahat berýän SMS geldi. Ol Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň adynda iberilipdir.
SMS-de ýenede diňe howa şertleri agzalýa. COVID-19 diyp hiç ýerde aýdylmaýar.Şol wagytda hem köçelerde ozalkylar ýaly adam kän däl. Her kim zerur işi bolmasa ýa edara işine gitmese kän öýden çykmazlyga çalyşýarlar.
Şu gün köçelerde her ädimde, edara-kärhanalaryň, umumy ýaşaýyş jaýlarnyň duralgalaryň öňlerinde polisiýä işgärleri ir ertir sagat 7-den nobatçylyk çekip başladylar. Olar ýüzlerine maska geýmedik ýolagçylary saklaýarlar we yzyna gaýdyp maska geýmegi maslahat berýärler. Kä bir polisiýa işgäriniň maskasyz ýolagçyny görmezlige salýan ýerleri hem bar. Ýöne esasy olar ýaşaýjylary saklaýarlar.
Banklara, edaralara, bazarlara hem maskasyz göýberilmeýär. Bu ýagdaýdan hyýanatly peýdalanýanlar hem bar. Düýn köçelerde ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri sürüjileri saklap 10-manatdan maska satyp, olara maska geýdirip, soň göýberdiler diýýän ýaşaýjylar hem bar.
Bu gün adamlaryň ählisi diýen ýaly köçede maskaly.
Ýatlaýarys Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy.Ynsanperwer ýükleriň içinde wirus ýokanjyndan goranyş serişdeleri — lukmançylyk örtükleriniň 320 müňüsi, respiratorlaryň 130 müňüsi, ýüz örtükleriniň 88 müňden gowragy, äýnekleriň 18 müňden gowragy hem-de halatlaryň 12 müňden gowragy bar.