Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i8249-türkmenistanyň_bütindünýä_söwda_guramasyna_agzalygy
Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş Geňeşi Türkmenistana bu halkara guramasynda synçy wezipesini berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 23, 2020 13:05 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygy

Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş Geňeşi Türkmenistana bu halkara guramasynda synçy wezipesini berdi.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Bütindünýä Söwda Guramasynda gözegçilik derejesini almak ýurduň dinamiki ykdysady ösüşini ýokarlandyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge kömek eder diýdi.

Hasabata görä, bu karar çarşenbe güni Ženewada Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.

Synçy statusy, BSG-ä goşulmak üçin respublikanyň ilkinji ädimidir.Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri derňemek üçin 2019-njy ýylyň iýul aýynda ýörite hökümet topary döredildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda käbir kanunlara üýtgetmeler girizdi.

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasynda synçy wezipesini eýeleýän 25-nji ýurt. Bu halkara guramanyň 164 agzasy bar.