Gämi gurluşygy pudagynda Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i8471-gämi_gurluşygy_pudagynda_orsýet_bilen_türkmenistanyň_arasyndaky_hyzmatdaşlyk
Sankt-Peterburgyň orundarlary gämi gurluşyk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge türkmenistan tarapynyň gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 16, 2020 14:52 Asia/Ashgabat
  • Gämi gurluşygy pudagynda Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Sankt-Peterburgyň orundarlary gämi gurluşyk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge türkmenistan tarapynyň gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkmenistanyň “Türkmen Deniz Darýa” milli kompaniýasynyň başlygy Anadurdi Kasaýew bilen Orsýetiň daşary aragatnaşyk bölüminiň başlygy Andreý Hlutkow ýekşenbe güni wideo ýaýlymynda iki ýurduň arasynda gämi gurluşygy hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada pikir alyşdylar.

Hasabata görä, iki tarap hem Kaspi deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy porty bilen Orsýetiň portlarynyň arasynda täze logistika ýollaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Hasabatda iki ýurduň resmileriniň arasyndaky gepleşikleriň netijesinde Orsýetiň eýeçiligindäki gämi gurluşykçylary birleşigi bilen Türkmenistanyň Balkan kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasynyň tassyklanandygy aýdylýar.