Gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistan bilen Italiýanyň prezidentleriniň arasyndaky gepleşikleriň üns merkezinde
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i8668-gatnaşyklary_ösdürmek_türkmenistan_bilen_italiýanyň_prezidentleriniň_arasyndaky_gepleşikleriň_üns_merkezinde
Türkmenistanyň we Italiýanyň prezidentleri gatnaşyklaryň ösüşini dürli ölçeglerde ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 05, 2020 11:59 Asia/Ashgabat
  • Gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistan bilen Italiýanyň prezidentleriniň arasyndaky gepleşikleriň üns merkezinde

Türkmenistanyň we Italiýanyň prezidentleri gatnaşyklaryň ösüşini dürli ölçeglerde ara alyp maslahatlaşdylar.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow bilen Italiýanyň prezidenti Serjio Mattarella telefon arkaly ikitaraplaýyn ykdysady, bilim we saglyk mümkinçilikleriniň ösüşi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň prezidenti, Italiýanyň tekliplerini we maksatlaryny işjeň öňe sürmek bilen energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag we daşky gurşaw pudaklarynda Türkmenistany işjeň goldaýandygyny aýtdy.

Italiýa Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşydyr.