Türkmenistan bilen Italiýa resmileriniň duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i9498-türkmenistan_bilen_italiýa_resmileriniň_duşuşygy
Türkmeniň prezidenti Italiýanyň bu ýurtdaky ilçisi bilen geçiren duşuşygynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada maslahatlaşdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 07, 2020 15:15 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Italiýa resmileriniň duşuşygy

Türkmeniň prezidenti Italiýanyň bu ýurtdaky ilçisi bilen geçiren duşuşygynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada maslahatlaşdy.

Fars habarlar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow bilen Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Lýusiano Galiniň duşuşygynda iki ýurduň ileri tutýan ugry bolan ýangyç-energetika, senagat toplumlary we ýeňil senagatlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ara alynyp maslahatlaşyldy.

Hasabata görä, türkmenler we italýan resmileri Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary görnüşinde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

Türkmenleriň prezidenti Berdymuhamedow bilen bolan duşuşygynda Italiýanyň ilçisi Lýusiano Galli iki ýurduň uzak möhletleýin umumy bähbitlerini üpjün etmek üçin ynam esasynda bilelikde işlejekdigine ynandyrdy.

Italiýa Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanyň iň uly ykdysady hyzmatdaşydyr.